Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygynda hüjüm guramak üçin taýýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 29 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2231820
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylaryň gaçyp halas bolup biljek ýerleri ýok, hiç bir ýer olar üçin howpsuz däl" diýip habar berildi. 

Beýanatda Siriýanyň demirgazygynda hüjüm guramak üçin taýýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 29 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Mundan başgada iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli göreşiň dowam etjekdigi nygtaldy. 


Etiketkalar: #Siriýa , #terrorçy , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar