Ömer Bolat Tanýa Faýon bilen duşuşdy
Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat, Türkiyä sapar guran Sloweniýanyň Wise-premýeri, Daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Tanýa Faýon bilen Söwda ministrliginde geçirilen duşuşyk barada maglumat berdi.
Beýanatynda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryna ünsleri çeken Ömer Bolat: "Balkanlardaky möhüm hyzmatdaşlarymyzyň biri bolan Sloweniýe bilen 3,1 milliard dollar bolan ikitaraplaýyn söwda mukdarymyzy artdyrmaga we hyzmatdaşlyk ugurlarymyzy diwersifikasiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Gümrük Bileleşiginiň döwrebaplaşdyrylmagy, Ýewropanyň Ýaşyl ylalaşygy başda bolmak bilen tapawutly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge we hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmäge dowam ederis" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar

Egeý deňzindäki ýer titremeler dowam edýär
Ýer titremäniň ýeriň 7 km aşagynda emele gelendigi habar berildi