Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan şeýle hem norwegiýaly kärdeşi Espen Bart Eýde bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2230132
Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiye-Sloweniýe Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkiyä gelen Sloweniýanyň Wise-premýeri, Daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi. 

Paýtagt Ankara şäherindäki duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy we Goranyş senagaty ugrunda hyzmatdaşlyk meseleleri ele alyndy, Siriýadaky we Gazadaky soňky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ministr Hakan Fidan duşuşykda halkara jemgyýetiň Siriýa goldaw bermelidigini beýan etdi. 

Hakan Fidan Gazda iň gysga wagtda hemişelik ýaraşygyň ýola goýulmagy we sebite ynsanperwer kömekleriň arakesmesiz ýagdaýda ýetirilmelidigini belledi. 

 

Daşary işler ministri Hakan Fidan şeýle hem norwegiýaly kärdeşi Espen Bart Eýde bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky we Gazadaky soňky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar