Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

"Terrora garşy göreşde egilşik etmeris"

2229943
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Türk ýaragly güýçleriniň terror guramasyna garşy görýän öňüni alyjy we ýok ediji çärelerini dowam etdirýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Yragyň demirgazygynda “Penje-Gulp” operasiýasy zolagynda ýerleri anyklanylan PKK-ly 3 terrorçy bilen Siriýanyň demirgazygynda “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasy zolagynda ýerleri anyklanylan PKK/ÝPG-li 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy göreşde egilşik etmeris” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar