Stambuldan Damaska uçar saparlary 3-4 aýdan başlar

Türkiyäniň Stambul şäherinden Siriýanyň paýtagty Damask şäherine ​​uçar gatnawlary 3-4 aýdan başlar

2228797
Stambuldan Damaska uçar saparlary 3-4 aýdan başlar

Türkiyäniň Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly, Siriýadaky transportyň täze döwri barada hususy teleýaýlyma beýannama berdi. 

Damaskdaky howa menziliniň halkara uçar gatnawlaryna taýýar bolmalydygyna ünsleri çeken Uralogly, Siriýa uçuşlaryň dört aýyň içinde başlap biljekdigini aýtdy.

Ministr Uralogly: "Damaskdan Stambula baglanyşyk ýola goýup bilsek, olary bütin dünýä açarys. Bu ugurdaky işlerimiz dowam edýär" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar