Mawy Watan 2025 harby türgenleşigi geçirilýär
Gara deňizde, Egeý deňzinde we Gündogar Ortaýer deňzinde geçirilýän Mawy Watan 2025 türgenleşiginiň çäginde hormatly synçy güni geçirilýär
10 gün dowam etjek harby türgenleşigiň çäginde Logistika integrasiýa çäreleri bilen operasiýa taýýarlyk, hakyky ýarag we ýokary howp abanýan gurşawda operasiýa tälimleri geçiriler.
Türgenleşige Harby-deňiz güýçlerinden başga-da, Guryýer we Harby-howa güýçlerinden we Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeliginden jemi 90 gämi, 50 uçar we 20 müň harby gatnaşýar.
Döwrebaplaşdyrylan Barbaros synply fregat TCG Oruçreis gämisi hem türgenleşige gatnaşýar.
Mawy Watan türgenleşiginiň çäginde 10-11-nji ýanwar aralygynda 59 gämi bilen Gara deňiz, Egeý deňzi, Gündogar Ortaýer deňzi we DKTR sebitlerindäki 22 porta baryp görüler.
Degişli Habarlar
Ministr Ýerlikaýa Bolgariýaly we Gresiýaly Kärdeşleri Bilen Duşuşdy
Duşuşykda bosgunlar we bikanun göçe garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.