ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Fidan bilen Blinke duşuşykda Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.
Fidan bilen Blinken paýtagt Ankarada bolan duşuşykda Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Siriýada gysga wagtda durnuklylygyň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtan Hakan Fidan, “Terror guramasy DEAŞ bilen PKK-nyň Siriýadaky durnuksyzlykdan peýdalanmazlygy üçin degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, Blinkeniň Türkiýä gurajak saparynyň çäginde, ýekşenbe güni Başar Asadyň agdarylmagyndan soň Siriýadaky geçiş etaby bilen Gazadaky soňky wakalaryň gün tertibine getiriljekdigi nygtalypdy.
Degişli Habarlar
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Türkiyäniň Ýaragly güýçleri dowamly we giň gerimli operasiýalary bilen terrory gözbaşynda ýok edýär