Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi
Geçirilen duşuşyklardan soň Somaliniň we Efiopiýanyň arasynda Ankara jarnamasyna gol çekildi
Türkiyäniň prezidenti Rejep Tayyip Erdoğan, Ankara şäherinde Somaliniň Prezidenti Hasan Şeyh Mahmud bilen duşuşyk geçirdi.
Erdogan we Mahmud, wekilliýetleriň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdiler.
Prezident Erdogan şeýle hem Efiopiýanyň premýer ministri Abiý Ahmedi kabul etdi.
Erdogan, myhman premýer ministr Ahmed bilen hem wekiliýetleriň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdi.
Geçirilen duşuşyklardan soň Somaliniň we Efiopiýanyň arasynda Ankara jarnamasyna gol çekildi.
Jarnamada taraplar tapawutly garaýyşlary we jedelli meseleleri terk edip, umumy abadançylyk ugrunda hyzmatdaşlyk etmekde tutanýerli ýagdaýda hereket etmek barada ylalaşandyklaryny mälim etdiler.
Jarnama barada beýanat beren Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun: "Somaliniň we Efiopiýanyň arasynda gol çekilen Ankara jarnamasy, Türkiyäniň Afrika halkarynyň we döwletleriniň ýanynda eýeleýän ygtybarly ornunyň möhüm bir görkezijisidir. Türkiyäniň araçyllyk etmegi bilen Somaliniň we Efiopiýanyň arasynda gazanylan bu ylalaşygyň, ilki bilen iki dost ýurt bolmak bilen, bütin sebite, materige we dünýämize parahatçylyk, asudalyk we durnuklylyk getirmegini umyt edýäris" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Mongoliýanyň Prezidenti Stambulyň Taryhy Ýerlerine Baryp Gördi
Myhman Prezidente, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý ýoldaşlyk etdi.
“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Erdogan, partiýasynyň Kaýseride geçirlen gurultaýyna gatnaşdy.