Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Siriýada başdan geçirilen wakalar barada beýannama berdi
TBMM-de 2025-nji ýylyň býujet bilen bagly geçirilýän gepleşikler tapgyrynda çykyş eden Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Siriýada başdan geçirilen wakalar barada beýannama berdi
Siriýada Türkiyä garşy ugrugyp biljek terror howplaryna garşy ähli çäreleriň görülendigini aýdan Jewdet Ýylmaz: "Siriýaly doganlarymyz howpsuz, abraýly we meýletin ýagdaýda ýurtlaryna gaýdyp baryp bilerler" diýip habar berdi.
Numan Kurtulmuş TBMM-de 2025-nji ýylyň býujet bilen bagly gepleşikleriň açylyşynda çykyş etdi.
Siriýada 27-nji noýabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen ýaragly toparlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň gerimi giňäpdi.
Paýtagt Damask şäherine 7-nji noýabrda girmäge başlan toparlara halk köpçüliginiň hem goldaw bermegi bilen režim, ol ýerde ýurduň beýleki ençeme ýerinde gözegçiligi elinden aldyryp, çöküpdi.
Düýn bolsa Baas partiýasynyň ýurtdaky 61 ýyllyk häkimiýetiniň tamamlanmagy bilen birlikde, režimiň lideri Başar Asad ýurduň paýtagtyndan gaçypdy.
Degişli Habarlar
Türkiýäniň Halapdaky Başkonsullugy 13 Ýyl Soň Gaýtadan Açyldy
Türkiýäniň Siriýadaky ilçihanasy hem 14-nji dekabrda açylypdy.
Slowakiýanyň Premýer-ministri Ankarada Saparda Bolar
Myhman Premýer-ministr, Prezident Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.