Numan Kurtulmuş siriýalylaryň ýurtlaryna gaýdyp barmaklary bilen bagly beýanat berdi
Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş, Siriýada taryhy öwrülişik nokadyna şaýat bolunandygyny beýan etdi
Numan Kurtulmuş TBMM-de 2025-nji ýylyň býujet bilen bagly gepleşikleriň açylyşynda çykyş etdi.
"Azat we deokratik bir Siriýanyň gurluşygy üçin Türkiye hökmünde öz egnimize düşýänleri ýerine ýetirmek üçin tagalla ederis" diýip aýdan Numan Kurtulmuş: "Türkiye üçin esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hem, ençeme ýyl bäri biziň ýurdumyzda myhman bolan immigrantlaryň abraýly we howpsuz gaýdyp barmaklaryny üpjün etjek etabyny çaltlaşdyrmakdyr" diýip belledi.
Siriýada 27-nji noýabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen ýaragly toparlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň gerimi giňäpdi.
Paýtagt Damask şäherine 7-nji dekabrda girmäge başlan toparlara halk köpçüliginiň hem goldaw bermegi bilen režim, ol ýerde we ýurduň beýleki ençeme ýerinde gözegçiligi elinden aldyryp, dolulygyna çöküpdi.
Düýn bolsa Baas partiýasynyň ýurtdaky 61 ýyllyk häkimiýetiniň tamamlanmagy bilen birlikde, režimiň lideri Başar Asad ýurduň paýtagtyndan gaçypdy.
Degişli Habarlar
Erdogan Konýada Partiýasynyň Welaýat Maslahatyna Gatnaşdy
Prezident R.T.Erdogan partiýasynyň Konýa welaýatyndaky 8-nji maslahatyna gatnaşyp, çykyş etdi.