Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi
Ýaponiýanyň imperator maşgalasyndan Türkiyä mirasdar şazada we şagyzy derejesinde ilkinji sapar guralýar
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Fumihito we mirasdar şagyzy Kiko, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 100-nji ýyly mynasybetli Türkiyä geldiler.
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Fumihito we mirasdar şagyzy Kiko paýtagt Ankara şäherinde ilki bilen Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabiri zyýarat etdiler, Atatürk mawzoleýine wenok goýdular we hormatly dymyşlyk etdiler.
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Fumihito we mirasdar şagyzy Kiko prezident Rejep Taýýip Erdogan we aýaly Emine Erdogan tarapyndan kabul edildiler.
7-nji dekabra çenli dowam etjek saparda, şazada we şagyzy Stambulda sosial we medeni çärelere gatnaşarlar, Kyrşehir welaýatynyň Kaman etrabynda gazuw-agtaryş işleri türk we ýapon arheologlar tarapyndan bilelikde amala aşyrylýan Kalehöýüke baryp görerler.
Degişli Habarlar
Türkiye ABŞ-nyň kararyny ýazgardy
Türkiye ABŞ-nyň Kipriň Grek bölegine ýarag satmak baradaky kararyny ýazgardy