Wedat Yşykhan Germaniýada saparda bolýar
Ministr Wedat Yşykhan saparynyň dowamynda nemes kärdeşi Hubertus Haýl bilen duşuşyk geçirer
![Wedat Yşykhan Germaniýada saparda bolýar](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/c1e2/97b0/6f9c/674d678859fd4.jpg?time=1737318070)
Türkiyäniň Zähmet we sosial howpsuzlyk ministri Wedat Yşykhan Türkiye-Germaniýa Ministrlikleriň arasyndaky bilelikdäki iş toparynyň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherine bardy.
Wedat Yşykhan Germaniýa saparyna Türkiyäniň Berlin şäherindäki ilçihanasynda Türk raýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işewür dünýäsiniň agzalary bilen duşuşyk geçirip başlady.
Zähmet we sosial howpsuzlyk ministri Wedat Yşykhan ol ýerde eden çykyşynda, Ýewropada artan daşary ýurt duşmançylygy babatynda, Türkiyäniň dünýäniň niresinde bolsa bolsun ähli raýatlarynyň ýanyndadygyny beýan etdi.
Ministr Wedat Yşykhan saparynyň dowamynda nemes kärdeşi Hubertus Haýl bilen duşuşyk geçirer.
Degişli Habarlar
![Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/071c/e07e/e821/6761317184bf5.jpg?time=1737318070)
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Türkiyäniň Ýaragly güýçleri dowamly we giň gerimli operasiýalary bilen terrory gözbaşynda ýok edýär