Daşary Işler Ministrliginde Töwellaçylyk Boýunça Işjeň Maslahat Geçirildi

Maslahata gatnaşan Daşary işler ministri Hakan Fidan gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi.

2215084
Daşary Işler Ministrliginde Töwellaçylyk Boýunça Işjeň Maslahat Geçirildi

Daşary işler ministrliginiň Strategik ylmy-barlag merkeziniň we Halkara töwellaçylyk Baş müdirliginiň guramagynda paýtagt Ankarada geçirilen işjeň maslahata Daşary işler ministrliginiň degişli bölümleriniň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we strategiýa merkezlerinin wekilleri gatnaşdylar.

Ministr Fidan maslahatda töwellaçylyk işleriniň çäginde alynyp barylýan syýasat we gelejek boýunça strategiýalar hakynda çykyş etdi.

Bu ugurda tejribelerini gürrüň beren ministr Fidan, Türkiýäniň düşnüşmezlikleriň parahatçylykly ýollardan çözülmeginde halkara arenadakky “özbolyşly pozisiýasyny” nygtady.

Maslahatda, gatnaşyjylar tarapyndan Türkiýäniň halkara parahatçylyk töwellaçylygynda eýeleýän pozisiýasy ähli taraplaýyn seljerildi we Türkiýäniň gelejekdäki ähtimal gönükmeleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

İşjeň maslahatda şeýle hem Türkiýäniň töwellaçylyk ugrundaky “özbolyşly aýratynlyklary, gelejekde töwellaçylyk pozisiýasynyň haýsy ugurlarda has netijeli bolup biljekdigi” bilen, bu ugurda güýçli bolan ýa-da güýçlendirilmäge açyk bolan ugurlar hem seljerildi.

Türkiýe öňüni alyjy diplomatiýa we töwellaçylyga berýän ähmiýetiniň çäginde sebitde hem-de dünýäde köp sanly töwellaçylyk başlangyçlaryna öňbaşçylyk edýär.

 



Degişli Habarlar