Emeli Aň Hem Tolgundyrýar Hem-de Aladalandyrýar
Prezident R.T.Erdogan “Emeli aňyň nämeleri edip bilýändigi, nämeleriň hötdesinden gelýändigini käte tolgunmak bilen käte bolsa alada bilen öwrenýäris” diýdi.
Prezident R.T.ERdogan Beştepedäki Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde geçirilen “Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Ýörite baýraklarynyň hem-de Ýaşaýan ynsan hazynalary baýraklarynyň gowşurlyş dabarasynda” çykyş etdi.
Erdogan ähli zadyň ýokary depginde sarp edilýän zamanasynyň başdan geçirilýändigine ünsi çekip, tehnologiýa ynkylaby bilen adamyň durmuşa, daşky gurşawa, dünýä we sungata bolan çemeleşmesinde düýpli özgermeleriň bolandygyny beýan etdi.
Sanly ulgamyň ykdysadyýetden maliýe ulgamyna, medeniýetden aragatnaşyga, ähli giňişlikleri öz içine alandygyny nygtan Erdogan: “Emeli aňyň haýsy işleri edip bilýändigini, nämeleriň hötdesinden gelýandigini käte tolgunmak käte bolsa alada bilen öwrenýäris. Aragatnaşyk we ulag şertleriniň ösmeginiň netijelerinden biri hem digital tehnomedeniýetdir. Ol günsaýyn ýaýbaňlanýar. Şol medeniýetiniň tapawutlanýan özbolyşlygy bolsa trend diýilýän birtiplilikdir. Sarp edişe esaslanýan neoliberal ulgam ýerli baýlygy, köpgörnüşliligi, gazanylanlary ýok hasap edýär ýa-da haryda öwürip, onuň ähmiýetini ýok edýär” diýdi.
Prezident Erdogan globallaşma bilen bilelikde medeni ýoýulmanyň hem bütin dünýä ýaramaz täsir ýetirýändigini aýtdy.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan müsürli kärdeşi Abdulati bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň mirasdar şazadasyny kabul etdi
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Akişinony kabul etdi