Hakan Fidan Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan düýn agşam ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
2209498
Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli X sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Daşary işler ministrimiz Hakan Fidan ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Telefon söhbetdeşliginde Gazanyň soňky ýagdaýy, Liwandaky wakalar we Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk tapgyrynda ýetilen sepgit ara alynyp maslahatlaşyldy" diýip habar berdi.