Prezident Erdogan, Britaniýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi

Kabul edilşikde Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2209378
Prezident Erdogan, Britaniýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi

BMG-nyň Howa çalşygy hakyndaky çarçuwaly konwensiýasyna tarap bolup durýan ýurtlaryň 29-njy konferensiýasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Prezident R. T. Erdogan, Britaniýanyň Premýer-ministri Keýr Starmeri kabul etdi.

Kabul edilşikde Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Erdogan, Ukainanyň, Palestinanyň we Liwanyň başda durmagynda sebitdäki çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin Türkiýäniň edýän tagallasyny dowam etdirjekdigini belledi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar