“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”

Erdogan “Öňümizdaki asyryň Türk dünýäsiniň asyry bolmagy üçin bar güýjümiz bilen işläris” diýd

2207230
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”

Prezident R. T. Erdogan “Öňümizdaki asyryň Türk dünýäsiniň asyry bolmagy üçin bar güýjümiz bilen işläris” diýdi.

Prezident Erdogan, Gyrgyzstanyň paýtagty Bişkekde geçirilýän Türki döwletleriň guramasynyň 11-nji liderler sammitinde çykyş etdi.

Prezident Erdogan “Türki döwletleriň guramasy görelde alynýan platforma öwrüldi. Gurama agza ýurtlaryň liderleri, ähli dostlarym Türk dünýäsiniň täsiriniň güýçlenmegi üçin uly tagalla edýär. Guramamyzy has-da güýçlendireris” diýdi.

Erdogan “Ýeke-täk elipbiýiň taýarlanmagy baradaky işleri 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamladyk. Ýeke-täk elipbiý biziň esasy maksatlarymyzdan biridir. Mundan soň gurama agza ýurtlar şol elipbiýe laýyklykda degişli taýarlyklaryny görer. Türk dünýäsiniň asyry üçin birlikde işleşeris”diýdi.

DKTR-nyň hem sammite abraýly myhman hökmünde gatnaşýandygyny aýdan Prezident Erdogan, “DKTÝR-nyň guramamyzyň şu günki sammitine abraýly myhman hökmünde gatnaşmagy arkalaşygymyzyň esasy görkezijisidir. DKTR-nyň ýakynda gurama doly agza bolmagyna garaşýarys. Kipr meselesiniň adalatly ýagdaýda çözülmegi üçin Türk dünýäsine uly jogapkärçilik düşýär. Ukrainada hem adalatly we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagyna goldaw berýäris” diýdi.

Çykyşynda Ysraýylyň Gaza Sektoryna we Liwana guraýan hüjümleri hakynda hem durup geçen Erdogan “ Halkara ulgam, Gazanyň başda durmagynda basyp alyşlyk astyndaky Palestinada genosidiň bes edilmegini ýola goýup bilmedi, degişli karary kabul edip bilmedi hatda kabul etmek hem islemeýär. Ysraýyl Liwany nyşana almak bilen tutuş sebite wehim salýandygyny görkezdi. Türkiýe hökmünde şol wagşyçylygy we gyrgynçylygy kabul etmeýäris. Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi we Palestin döwletiniň ykrar edilmegi üçin elimizden geleni edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar