Prezident Erdogan Halkara Guramalara Reaksiýa Bildirdi
Prezident Erdogan Gurhany labyzly okamak bäsleşiginiň ýeňijileriniň baýrak gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi.
Prezident R. T. Erdogan, 13 aýdan bäri Gazada çagalar Ysraýyl tarapyndan gyrgyna berilýärkä, halkara guramalaryň wakala dymmak bilen syn etmegini, adamzadyň ýok bolmagy hökmünde häsiýetlendirdi.
Prezident Erdogan Prezidentiň Kompleksinde geçirlen Gurhany labyzly okamak bäsleşiginiň ýeňijileriniň baýrak gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi.
Musulman dünýäsiniň taryhynyň iň uly synagyndan geçýändigini nygtan Erdogan, “Gazada 50 müň adam Ysraýyl tarapyndan gyrgyna berildi. Gaza yzygiderli ýagdaýda bomba ýagýar”diýdi.
Prezident Erdogan “Ysraýylyň hökümeti, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi bilen birlikde ähli guramalary ýesir alypdyr. Netanýahu diýilýän adamzadyň duşmanyny durdurmak, gyrgynçylygyň jogabyny soramak üçin işe girişilmeýär. 13 aýdan bäri çagalar gyrgyna berilýär. Onmüňlerçe hünärmeni bolan halkara guramalar hiç hili nägilelik bildirmeýär. Bu adamzadyň ýok bolmagy diýmekdir. Global ulgamyň öz-özüni ýatyrmagynyň iň anyk subutnamasydyr” diýip belledi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Kabul edilşige Daşary işler ministri Hakan Fidan hem gatnaşdy.
Hakan Fidan Jibutide Saparda Bolar
Hakan Fidan, Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin Jibutä gider.