Daşary Işler Ministri Fidan Britaniýa Gitdi

Hakan Fidan paýtagt Londonda Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammi bilen duşuşar.

2204366
Daşary Işler Ministri Fidan Britaniýa Gitdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan resmi sapar bilen Britaniýa gitdi.

Hakan Fidan paýtagt Londonda Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammi bilen duşuşar.

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleleler gün tertibine getirler.

Erkin söwda şertnamasynyň giňeldilmegi, energetika we täze hyzmatdaşlyk ugurlary ýaly meseleleriň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Terrora garşy göreş boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýeti nygtalar.

Fidan bilen Lammi Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşar.

 



Degişli Habarlar