Türkiýe Birleşen Arap Emirlikleriniň Sudandaky Ilçihanasyna Guralan Hüjümi Ýazgardy
Türkiýe ähli taraplara halkara hukugyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş berdi
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Birleşen Arap Emirlikleriniň Sudandaky ilçihanasyna guralan hüjüm ýazgaryldy.
Beýannamada, “Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleriniň Sudandaky ilçihanasyna guralan hüjümi halkara hukugyna we diplomatik kadalara edilen äsgermezçilik hökmünde häsiýetlendirýär we ýazgarýar” diýildi.
Beýannamada, Türkiýäniň ähli taraplara halkara hukugyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş berýändigi we Wena diplomatik gatnaşyklar şertnamasynyň goralmagyna ähmiýet berilmelidigi nygtaldy.
Beýannamada, “Türkiýe, Sudandaky hüjümleriň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy baradaky tagallalara goldaw bermäge dowam eder” diýildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrligi, Sudanyň harby goşunyna degişli uçaryň, BAE-niň Hartumdaky ilçihanasyna howa hüjümini gurandygyny, hüjüm sebäpli ilçihana zeper ýetirlendigini mälim edipdi.
Sudanyň harby goşuny bolsa öňe sürülýän garaýyşlaryň asylsyzdygyny beýan etdi.
Degişli Habarlar
Iordaniýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Bolar
Daşary işler ministri Hakan Fidan ertir iordaniýaly kärdeşi bilen duşuşar.