Yragyň Demirgazygynda 19 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
"Terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder”
2186969
Milli Goranmak ministrigi, Yragyň demirgazygynda sentýabr aýynyň 7-9-y aralygynda guralan howa hüjüminde 19 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.
Milli Goranmak ministriginden berlen beýannamada, “Yragyň demirgazygynda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 7-9-y aralygynda guralan howa hüjümleri sebäpli Garada 10, Hakurkda 6 we Kandilde 3 bolmak bilen jemi 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder” diýildi.
Degişli Habarlar
Iordaniýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Bolar
Daşary işler ministri Hakan Fidan ertir iordaniýaly kärdeşi bilen duşuşar.