2 Terrorçy Howpsuzlyk Güýçlerine Boýun Egdi
2 terrorçy Şyrnagyň Silopi etrabynda ýerşeýän Habur gümrük geçelgesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.
2186428

Yragyň demirgazygyndaky düşelgelerinden gaçan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy Şyrnagyň Silopi etrabynda ýerşeýän Habur gümrük geçelgesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Mehmetçigiň egilşiksiz operasiýalary netijesinde Yragyň demirgazygyndaky düşelgelerinden gaçan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy Şyrnagyň Silopi etrabynda ýerşeýän Habur gümrük geçelgesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. Terrorçylar üçin ýeke-täk çykalga bar, ol hem türk adalatyna boýun egmek” diýildi.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan Indoneziýada Saparda Bolýar
Liderler garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
