Türkiyäniň Milli Goranmak ministri gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler amatly şertler bolan halatynda türk we siriýaly resmileriň kadalaşma tagallalarynyň çäginde duşuşyk geçirip biljekdigini habar berdi

2174438
Türkiyäniň Milli Goranmak ministri gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Beýik Britaniýanyň Reýter habarlar agentligine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Siriýa bilen alynyp barylýan kadalaşma tapgyrynyň üstünde durup geçen Ýaşar Güler: "Amatly şertler bolan halatynda türk we siriýaly resmiler kadalaşma tagallalarynyň çäginde duşuşyk geçirip biler" diýip habar berdi. 

Siriýanyň demirgazygyndaky türk harby barlygynyň üstünde durup geçen Ýaşar Güler: "Giňişleýin konstitusiýanyň kabul edilmegi, erkin saýlawlaryň geçirilmegi, giňişleýin kadalaşma we howpsuzlyk gurşawynyň üpjün edilmegi babatynda elimizden gelen kömegi bermäge taýardyrys. Bular ýerine ýetirileninden soň we serhetlerimiziň howpsuzlygy dolulygyna üpjün edileninden soň bilelikdäki koordinasiýanyň esasynda zerur bolan zatlary amala aşyrarys" diýip mälim etdi. 

Terrora garşy göreş babatynda Yrak bilen edilen ädimleriň hem öwrülşik nokadyny görkezýändigini aýdan Ýaşar Güler, Galkynyş Ýoly taslamasynyň Yrak böleginiň hem ekstremist terror guramasy PKK-nyň howpunyň astyndadygyny beýan etdi. 

Yragyň PKK-ny "gadagan gurama" hökmünde yglan etmegi baradaky kararyndan hoşaldyklaryny aýdan Ýaşar Güler, iň gysga wagtda "terror guramasy" hökmünde yglan etmegine garaşýandyklaryny habar berdi. 


Etiketkalar: #Yrak , #PKK , #Ýaşar Güler

Degişli Habarlar