Gazada Täze Bir Srebrenisa Wakasy Başdan Geçirilýär

Daşary işler ministri Hakan Fidan Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri hakynda “Gazada täze bir Srebrenisa wakasy başdan geçirilýär” diýdi.

2172160
Gazada Täze Bir Srebrenisa Wakasy Başdan Geçirilýär

Hakan Fidan Bosniýa-Gersegowinada çap edilýän “Staw” žurnalyna interwýu berdi.

Fidan, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri hakynda ; “Bu tragediýa 7-nji oktýabrda başlamady. 7-nji oktýabr, görülmediksirelen meseläniň özüni ýüze çykarmagydyr. Mesele, Palestinadaky basyp alyşyň uzak ýyllardan bari dowam etmegidir.. Ysraýyl palestinalylaryň ýerlerini ogurlama endiginden el çekmeýär” diýdi.

Hakan Fidan, Palestina döwleti gurulmadygy saýyn sebitde hiç kimiň asuda ýaşamajakdygyny aýtdy.

Ysraýylyň Gazany ýer bilen ýegsan edendigini, çaga-çoluk, garry, zenan tapawut goýmazdan hemmeleri gyrandygyny beýan eden Fidan, Gazadaky wagşylygyň bar bolan dünýä ulgamynyň ejizligini görkezýändigini nygtady.

Gazadaky başlangyç ynsanperwer gymmatlyklarynyň basgylanýandygyny nygtan Fidan, ynsanperwer kömekleriniň ýetirilmegine hem ýol berilmeýändigini nygtady.

Ýewropanyn ortasynda 29 ýyl ozal “elhenç gyrgynçylygyň” başdan geçirilendigini aýdan Fidan, “Srebrenisadaky genosid, adamzat taryhyna gara tegmil hökmünde geçdi” diýdi.

“Gazada täze bir Srebrenisa wakasyny başdan geçirýäris. Ýewropanyň başda durmagynda günbatar ýene-de ýalňyş tarapda durýar” diýen Hakan Fidan, Gazadaky genosidiň jenaýatçylarynyň jezasyz galmaly däldigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar