ABŞ we Günbatarly Aktýorlar Ysraýylyň Ýesiri…
Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.
Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde 10 aýda 40 müň adamyň ýogalandygyna ünsi çeken Erdogan “Türkiýe, gelejekleri üçin göreşýän we agyr günleri başdan geçirýän Palestina goldaw berýär. Türkiýe palestinaly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder. Ganhor garakçy toparynyň ähli bödençliklerine garamazdan Türkiýe we türk halky palestin halky bilen arkalaşykly hereket etmäge dowam eder” diýdi.
“Amerikanyň başda durmagynda Günbatarly aktýorlar gynansakda Ysraýylyň we bir gysym sionistleriň ýesiri boldy” diýen Erdogan, Türkiýäniň 7-nji awgustda Gagada Ysraýyla garşy gozgalan kaziýet işine degişli bolmak üçin Adalat diwanyna ýüz tutjakdygyny ýatlatdy.
Degişli Habarlar
“Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder”
Milli Howpsuzlyk gullugynyň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.