Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministrine reaksiýa bildirdi
Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsa reaksiýa bildirdi
Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeli, X sosial media hasabyndan Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsa reaksiýa bildirip, beýannama berdi.
Önjü Keçeli beýanatynda: "Ysraýylyň daşary işler ministriniň sosial media arkaly beren beýanaty barada: Gepleşikler geçirýänleri öldürmek, diplomatlara hemle atyp parahatçylygy üpjün edip bolmaz" diýip habar berdi.
Israel Kats X sosial media hasabyndan Türkiyäniň Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde janyna kast edilip öldürilen Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýe üçin 1 günlük ýas yglan edilemginden soň, Türkiyäniň Tel-Awiw şäherindäki ilçihanasynda Türkiyäniň baýdagynyň ýarysyna çenli aşakladylmagy bilen baglanşykly, diplomatlary nyşana alyp beýanat beripdi.
Degişli Habarlar
Yragyň Hökümeti Tarapyndan Türk Raýatlaryna Wiza Ýeňilligi Döredildi
50 ýaşyndan ýokarda we 15 ýaşyna çenli bolan türk raýatlary Yraga wizasyz syýahat eder