Türkiýe Ysraýyly Berk Ýazgardy

Türkiýe Ysraýylyň Gazanyň Han Ýunus şäherinde palestinalylaryň sygynan mekdebinde onlarça bigünä ilaty gyrgmagyny näletledi.

2161193
Türkiýe Ysraýyly Berk Ýazgardy

Bu barasynda Daşary işler ministrligi beýannama berdi.

Ministrligiň beýannamasynda; “Ysraýylyň Gazanyň Han Ýunus şäherinde palestinalylaryň sygynan mekdebinde onlarça bigünä ilatyň gyrylmagyny näletleýäris. Han Ýunusda tapylan köpçülikleýin gubyrlar we soňky 4 günde ol ýerdäki 4 mekdebe hüjüm guralmagy Ysraýylyň palestin halkyny dolulygyna ýok etmegi nazarda tutýandygynyň anyk delilidir” diýilýär.

Bu hüjümleriň Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň hüjümleriň bes edilmegi boýunça gepleşikleri bökdemegi hem maksat edinýandigine üns çekilýän beýannamada; “Ysraýylly resmiler ähliumumy adamzat gymmatlyklarynyň ählisini we halkara hukugy basgylaýan şu aksiýalary sebäpli kanunyň öňünde hasabat bererler” diýilýär.

Ysraýylyň Gaza Sektorynyň Han Ýunus şäherinde öýlerinden jyda düşen palestinalylaryň sygynan mekdebiň gapysyna guran hüjüminde 29 palestinaly öldi, 50-den gowragy ýaralandy.



Degişli Habarlar