Türkiýe Ilat Taýdan Dünýäde 18-nji Orunda

Türkiýe 85, 372, 000 ilaty bilen 194 ýurduň arasynda 18-nji orny eýeleýär.

2161106
Türkiýe Ilat Taýdan Dünýäde 18-nji Orunda

Türkiýäniň Hasabat guramasy Dünýäniň üstümizdäki ýyla degişli ilat býulletenini çap etdi.

Şuňa laýyklykda 2023-nji ýylda ilat sany taýdan iň uly ýurt 1,428,627,663 adam bilen Hindistan bolan bolsa, 1,425,671,352 adam bilen Hytaý ikinji orunda, 339,996,563 adam bilen ABŞ üçünji orunda durýar. Bu üç ýurt dünýäniň jemi ilatynyň 39,7 göterimine eýe.

Türkiýe 85, 372, 000 ilaty bilen 194 ýurduň arasynda 18-nji orny eýeleýän bolsa, dünýäniň ilatyyň 1,1 göterimine eýe.

Türkiýäniň çaga ilatynyň mukdary 26 göterim bilen ÝB-ne agza ýurtlaryndan ýokarda durýan bolsa, 29,8 göterime barabar bolan dünýä görkezijisinden aşakda.

Dünýäde çaga ilatynyň mukdary iň ýokary bolan ýurt 55,5 göterim bilen Niheriýa we Merkezi Afrika Respublikasy, iň pes ýurt bolsa 13,9 göterim bilen Koreýa Respublikasy boldy.

5-24 ýaş toparyna girýän ýaş ilat mukdaryna eýe birinji ýurt 24,1 göterim bilen Siriýa, Ukraina bolsa 6,8 göterim bilen iň pes ýurt boldy. Türkiýe bolsa 15,1 göterimlik ýaş ilat mukdary bilen 15,5 göterimlik dünýä görkezijisinden aşakda durýar.

Dünýäniň in ýokary garry ilat mukdaryna eýe ýurt 35,8 göterim bilen Monako bolan bolsa, 30,1 Ýaponiýa ikinji, 24,5 göterim bilen İtaliýa üçünji orny eýeleýär. Garry ilat mukdary iň pes ýurt 1,6 göterim bilen Katar bldy.

Türkiýe 10,2 göterim bilen garry ilaty az bolan ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlardan birini eýeleýär.



Degişli Habarlar