Türk Goranyş Senagaty Soňky 20 Ýylda Uly Üstünlik Gazandy

Bu barasynda Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz beýannama berdi.

2161512
Türk Goranyş Senagaty Soňky 20 Ýylda Uly Üstünlik Gazandy

Jewdet Ýylmaz Ankarada Ýakyn Gündogar Tehniki Uniwersitetinin Ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Goranyş senagatynda ýetilen sepgit hakynda durup geçen Jewdet Ýylmaz, 2023-nji ýylda 185 ýurdsa 230 görnüşli goranyş senagaty önüminiň eksport edilendigini beýan etdi.

2024-nji ýylda goranyş senagatynyň eksportunyň 7 milliard dollara ýetmegine garaşylýandygyny beýan eden Ýylmaz: “Türkiýe geçmişde tehnologiýa bazarydy, indibolsa tehnologiýa eksport edýän ýurt boldy” diýdi.

Ýylmaz, Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli aragatnaşyk hemrasy “Türksat 6A” hakynda bolsa; “Türkiýäniň şu günki güne çenli iň ýokary gymmaty bolan tehnologiýa taslamasy “Türksat 6A” bizi öz emeli hemrasyny öndürýän 11 ýurduň hataryna goşdy” diýdi.



Degişli Habarlar