Srebrenina Genosidinde Pida Bolanlar Hatyralanar

11-nji iýul Srebrenisa genosidini Halkara pikirlenme we pida bolanlary hatyralama güni mynasybetli Prezidentiň Permany Resmi gazetde çap edildi.

2161284
Srebrenina Genosidinde Pida Bolanlar Hatyralanar

Resmi gazetde Prezident R.T.Erdoganyň goly bilen çap edilen permanda, genosidiň adamzat taryhyna gara tegmil hökmünde ýazylandygy beýan edilýär.

Permanda 11-nji iýulyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen karary bilen genosidi pikirlenme we pida bolanlary hatyralama güni hökmünde yglan edilendigi ýatladylýar.

Gelejekde şuňa meňzeş wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin degişli maksatnamalaryň okuw düzgünnamasyna goşulmagy ýene-de bir gezek maslahat berildi.

11-nji iýulda genosidiň gurbanlarynyň hatyrasyna we hormatyna geçiriljek ýörite hatyralama çäreleriniň, okuw-seminarlarynyň we düşündiriş işleriniň Daşary işler ministrliginiň utgaşdyrmagynda geçiriljekdigi mälim edildi.

Srebrenisanyň 1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ratko Mladiçiň ýolbaşçylygyndaky serp goşunlary tarapyndan basylyp alynmagyndan soň BMG-niň çägindäki golland esgerlere sygynan bigünä boşnýaklar, serplere gowşurylypdy.

Zenanlaryň we çagalaryň boşnýak esgerleriniň gözegçiligindäki sebite gitmegine rugsat beren serpler, azyndan 8,372 boşnýak erkeklerini tokaýlyklarda, zawodlarda we ammarlarda gyrdy. Gyrylan boşnýaklar köpçülikleýin gubyrlara gömüldi.

Uruşdan soň dereksiz ýitenleri tapmak üçin başladylan gözleg işlerinde köpçülikleýin gubyrlarda jesetleri tapylan gurbankar, şahsyýetleriniň anyklanmagyndan soň her ýylyň 11-nji iýulynda Potoçari ýadygärlik gonamçylygynda geçirilýän hatyralama çärelerinde jaýlanýar.

Potoçari gonamçylygynda häzirki wagtda çenli 6,751 gurban jaýlanan bolsa, 250 gurban hossarlarynyň islegine laýyklykda ýerli gonamçylyklara jaýlandy. Srebrenisa genosidinde pida bolan we jynazasy tapylmadyk 1000-den gowrak gurban bar.  

 



Degişli Habarlar