Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan NATO agza döwletleriň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen giden ABŞ-nyň paýtagty Waşingtondaky saparyna başlady

2161215
Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
viktor orban-erdogan nato zirvesi.jpg
erdogan nato zirvesi.jpg

Prezident Rejep Taýýip Erdogan aýaly Emine Erdogan bilen Andrew W. Mellon Auditoriumda geçirilen NATO-nyň döredilmeginiň 75-nji ýyly bilen bagly programma gatnaşdy. 

Sammite gatnaşan döwlet we hökümet baştutanlary çäräniň başynda köpçülikleýin görnüşde surata düşdüler. 

Programmada II Jahan urşy, NATO-nyň esaslandyrylmagy, Bosniýa uruşy, Krymyň anneksiýasy we Russiýa-Ukraina uruşy ýaly tapawutly wakalaryň wideo materialy görkezildi. 

Çäräniň açylyşynda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg çykyş etdiler. 

NATO-nyň döredilmeginiň 75-nji ýyly bilen bagly çäreden soň prezident Erdogan, galýan myhmanhanasynda Wengriýanyň premýer ministri Wiktor Orban bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen duşuşykda Türkiye bilen Wengriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, Türkiyäniň Ýewropa Bileleşiginiň düzümine goşulmak tapgyry bilen sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan Türkiyäniň Ukraina-Russiýa uruşy we Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleriniň bes edilemgi üçin parahatçylykly tagallalaryny dowam etdirýändigini, halkara jemgyýetiň şol sebitlerde parahatçylygyň dikeldilmegi üçin tagallalaryny artdyrmagynyň zerurdygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan Wengriýanyň döwürleýin başlyklygynda Türkiyäniň ÝB-niň düzümine goşulmak bilen bagly tapgyrynyň işjeňşeldirilmegi we gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatynda goldawyna garaşýandygyny belledi. 



Degişli Habarlar