Kurtulmuş Ukrain Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş Ukrainanyň Mejlisiniň Başlygy Ruslan Stefançuk bilen duşuşdy.

2161310
Kurtulmuş Ukrain Kärdeşi Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Kongresiniň guramagynda NATO-nuň 75 ýyllygy mynasybetli guralan NATO agza ýurtlaryň Parlamentleriň başlyklarynyň sammitiniň çäginde Waşingtonda bolýan Kurtulmuş Stefançuk bilen duşuşdy.

Kurtulmuş Ukrainanyň paýtagty Kiýewe guralan we çagalar keselhanasy bilen bilelikde binalarda pida bolanlar zerarly gynanç bildirdi.

Stefançuk Russiýanyň hüjümi we şonuň netijesinde ýüze çykan panoramanyň fotosuratlaryny Kurtulmuşa görkezdi hem-de hüjüm hakynda maglumat berdi.

Stefançuk şeýle hem Latwiýanyň paýtagty Rigada 24-nji oktýabrda geçiriljek Krym platformasynyň Parlamentarileriniň Sammitine Kurtulmuşy çagyrdy.

TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş duşuşykda Ukrainanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we Krym bilen bilelikde Ukrainanyň territorial bitewiligine Türkiýäniň goldawyny ýene-de bir gezek beýan etdi.



Degişli Habarlar