“Ysraýyla Şertsiz Goldaw Berýän Ýurtlar, Gazadaky Gyrgynçygy Görmedirsiremäge Dowam Edýär”

Ministr Fidan, Braziliýanyň Daşary işler ministri Maury Wieira bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

2152310
“Ysraýyla Şertsiz Goldaw Berýän Ýurtlar, Gazadaky Gyrgynçygy Görmedirsiremäge Dowam Edýär”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ysraýyla şertsiz goldaw berýän ýurtlaryň, Gazadaky gyrgynçygy görmedirsiremäge dowam edýändigini aýtdy.

Ministr Fidan, Braziliýanyň Daşary işler ministri Maury Wieira bilen paýtagt Ankarada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Gaza meselesinde Braziliýa bilen şol bir garaýşa eýediklerini aýdan Fidan “Braziliýanyň Ysraýyl-Palestina meselesinde alyp barýan tutumyna oňyn garaýarys” diýdi.

Gazada öldürlen palestinalylaryň sanynyň 36 müňden geçendigini, olaryň esasy böleginiň zenanlardan we çagalardan ybaratdygyna ünsi çeken Fidan “7-nji oktýabrdan bäri 100-den gowrak žurnalist öldürildi. Dünýäniň çar tarapyndan ynsanperwer kömegini paýlamak üçin gelen 200-den gowrak meýletin öldürildi. Ysraýyla şertsiz goldaw berýän ýurtlar bir tarapdan Gazadaky gyrgynçygy görmedirsiremäge, beýleki tarapdan bolsa Ysraýyla ýarag kömegini bermäge dowam edýär”diýdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen hökümetiniň gyrgynçylygyny dowam etdirýändigini aýdan Fidan “D-8-e agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri hökmünde Gazadaky wagçylygyna garşy durmaga dowam ederis” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar