Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Ministr Ýerlikaýa “Soňky 1 ýylda guramanyň ýolbaşçysydygy aýdylýan 49 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

2152497
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa paýtagt Ankarada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine terrora garşy alnyp barylýan göreş hakynda maglumat berdi.

“Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär” diýen Ministr Ýerlikaýa “Soňky 1 ýylda guramanyň ýolbaşçysydygy aýdylýan 49 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

2023-nji ýylda terror guramasynyň hataryna goşulanlaryň sanynyň azalandygyny aýdan Ali Ýerlikaýa, terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar