Kuweýdiň Emiri Türkiyä sapar gurar
Kuweýdiň Emiri Meşal al-Ahmed al-Jabir as-Sabah iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 60-njy ýylynda ertir Türkiyä sapar gurar
16-njy dekabrda wezipä girişen Kuweýdiň Emiri Meşal al-Ahmed al-Jabir as-Sabah, Arap dünýäsinden daşary ilkinji daşary ýurt resmi saparyny Türkiyä gurar.
Diplomatik gatnaşyklaryň 60-njy ýyllygynda guraljak sapar 7 ýyl arakesmeden soň Kuweýtden Türkiyä Emir derejesindäki ilkinji sapar aýratynlygyna eýedir.
Emir Sabahyň saparynyň çäginde geçirjek duşuşyklarynda, Ysraýylyň gaza garşy guraýan hüjümleri başda bolmak bilen sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolsa söwda, goranyş senagaty, syýahatçylyk we maýa goýum ýaly ugurlar bolar.
Şol çäkde taraplaryň arasynda täze ylalaşyklaryň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar.
Degişli Habarlar
Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi
Terror guramasy tarapyndan od açylandygy sebäpli agyr ýaralanan esger Eren Kyzyldag şehit boldy.