4-nji Halkara Media we Yslamafobiýa Forumy Ankarada Geçirildi
Prezident R.T.Erdogan foruma wideo ýüzlenme ugratdy.
2115585
Erdogan ýüzlenmesinde Palestinada edilýän genosidiň şol bir wagtda Yslamafobik düşünjäniň netijesidigini beýan etdi.
Ýene-de bir Ysraýylyň Gazadaky asuda ilata guraýan hüjümlerine ünsi çeken Erdogan; “Nähili bolanda-da Palestinanyň söweşiji hereketi Hamas bahanasy bilen guralandygy öňe sürülýan hem bolsa, Gazada basylyp alynan palestin territoriýasynda edilýän genodisidiň şol bir wagtda-da Yslamafobik düşünjäniň netijesidigini ählimiz gowy bilýäris” diýdi.
Halkara guramalarynyň adamzat jenaýatynyň öňünde ejizleýändigini nygtan Erdogfan; “Mukaddes kitabymyzyn ýakylmagyna çenli baryp ýeten hüjümlere pikir azatlygy diýlip, geçirimlilik edilmegini hiç bir şertde kabul etmeýändigini we etmejekdigimizi ýene-de bir gezek nygtasym gelýär” diýdi.