Respublikan Halk partiýasynyň täze başlygy Özgür Özel boldy

Kemal Kylyçdarogly partiýanyň 8-nji başlygy bolan Özgür Özeli gutlady

2060547
Respublikan Halk partiýasynyň täze başlygy Özgür Özel boldy

Manisa welaýatyndan deputat bolan we Respublikan Halk partiýasynyň topar ýolbaşçysy Özgür Özel Respublikan Halk partiýasynyň 38-nji nobatdaky kongresiniň 2-nji tapgyrynda 812 ses alyp, partiýanyň başlyklygyna saýlandy. 

Partiýanyň başlyklyk saýlawynyň ilkinji tapgyrynda sesleriň köplügi alynyp bilinmändigi üçin saýlawyň 2-nji tapgyry geçirildi. 

Ikinji tapgyrda berilen sesler sanalanyndan soň, Özgür Özeliň 812 ses alyp Respublikan Halk partiýasynyň täze başlygy hökmünde saýlanandygy habar berildi. 

Ýaryşa partiýanyň başlygy hökmünde gatnaşan Kemal Kylyçdarogly bolsa 536 ses aldy. 

Kemal Kylyçdarogly partiýanyň 8-nji başlygy bolan Özgür Özeli gutlady. 



Degişli Habarlar