Türkiýe Palestina Gämi Keselhanasyny Ugratmaga Taýýar

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Türkiýäniň sebite gämi keselhanasyny ugratmaga, Gazada ýa-da Refah gümrük geçelgesine ýakyn ýerlerde göçme keselhana gurmaga taýýardygyny beýan etdi.

2052373
Türkiýe Palestina Gämi Keselhanasyny Ugratmaga Taýýar

Ministr Koja sosial media hasabyndan beren habarnamasynda ministrligiň Gaza saglygy goraýyş boýunça kömek bermek üçin işe girişendigini, şol çäkde halkara guramalary bilen gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi.

Gazadaky el-Ahli Baptist hassahanasyna guralan pajygaly hüjümden soň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen köp sanly halkara kardeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim eden ministr Koja, adamyň saglygyna hyzmat edýan guramalaryň haýsy şertlerde, haýsy sebäplerden bolandygyna garamazdan hüjümie sezewar bolmagynň kabul edilmesizdigini nygtady.

Ministr Fahrettin Koja; “Türkiýe sebite gämi keselhanasyny ugratmaga ýa-da Gazanyň hem-de Refah gümrük geçelgesiniň golaýynda göçme keselhana gurmaga, palestinaly doğanlarymyza saglyk hyzmatyny bermäge taýýar” diýdi.

BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebitleýin Direktory Hans Kluge bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde sebitiň saglyk üpjünçiligi meselesinde goldanmagynyň gyssagly we möhümdigini aýdandygyny mälim eden Koja; “Bu işler boýunça karar kabul eden halatynda BSGG bilen bilelikde hereket ederis. Geçiren gepleşiklerimde BSGG-nyň hem taryhy jogapkärçiliginiň bardygyny aýratyn beýan etdim” diýdi.

 



Degişli Habarlar