Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder

2041677
Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, gyzyl we çal sanawda gözleýän 2 terrorçynyň Şyrnakda we Diýarbakyrda täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda, şehitleriň ganynyň ýerde galmandygyny, täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň 9 howpsuzlyk gullukçynyň şehit bolmagyna, 21-niň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüme gatnaşandyklaryny nygtady.

Operasiýa gatnaşan howpsuzlyk güýçlerini gutlan ministr Ali Ýerlikaýa, soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar