Ýene-de 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär

2040877
Ýene-de 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Türk ýaragly güýçleri, Siriýanyň demirgazygynda 12 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahasy” operasiýasy zolagynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçy toparynyň bardygy anyklandy.

Operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Howpsuzlyk gullugy hem, terror guramasy PKK/KJK-ÝBŞ-nyň Sinjardan jogapkär ýolbaşçysydygy aýdylýan Halid Reşy Kasymy, Yragyň Sinjar şäherinde täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa bolsa, sosial mediadan beren habarnamasynda, Yrakda terrorçylykly hüjümlere gatnaşan “Roşida” lakamly Helin Özgören bilen “Hogir Armanç” lakamly Özer Ýyldyrymyň howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar