Hakan Fidan, ÝB Komissiýasynyň Agzasy Ilwa Ýohansson Bilen Duşuşdy
Duşuşykda wiza erkinligi we bikanun göçe garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy



Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Türköýünde ÝB Komissiýasynyň Içerki işlerden jogapkär ýolbaşçysy Ilwa Ýohansson bilen duşuşdy.
Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda, ministr Fidanyň Nýu-Ýorkda geçiren duşuşyklary hakynda maglumat berildi.
Habarnamada “Daşary işler ministrimiz Hakan Fidan, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Nýu-Ýork şäherindäki Türköýünde ÝB Komissiýasynyň İçerki işlerden jogapkär ýolbaşçysy Ilwa Ýohansson bilen duşuşdy. Duşuşykda wiza erkinligi we bikanun göçe garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy” diýildi.
Daşary işler ministrliginiň başga bir habarnamasynda bolsa, Hakan Fidanyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýewropadaky musulmanlar aragatnaşyk toparynyň maslahatyna gatnaşandygy nygtaldy.
Degişli Habarlar

“Ysraýylyň Ýüzlerçe Ýalanyny Paş Etdik”
Altun, “TRT World Forum 2023” açylyş dabarasynda eden çykyşynda dezinformasiýa ünsi çekdi.