Hakan Fidan Nýu-Ýorkda Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Hakan Fidan Italiýanyň, Şwesiýanyň we Müsüriň Daşary işler ministrleri bilen hem duşuşdy.

2039714
Hakan Fidan Nýu-Ýorkda Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Daşary işler ministri Hakan Fidan, düýn Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Türköýünde duşuşdy.

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, duşuşykda Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Fidan iş saparynyň çäginde düýn şeýle hem Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Prezident Erdogan bilen Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakisiň Nýu-Ýorkda geçirjek duşuşygy üçin görülýän taýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan iş saparynyň çäginde Italiýanyň, Şwesiýanyň we Müsüriň Daşary işler ministrleri bilen hem duşuşdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar