Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergi kabul etdi.




BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Prezident R. T. Erdogan, Türköýünde geçirýän duşuşyklaryny dowam etdirýär.
Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergi kabul etdi.
Erdogan kabul edilşikden soň sosial mediadan beren habarnamasynda, “BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäginde NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stolteberg bilen duşuşyp, gün tertibinde esasy orun eýeleýän sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdyk. Hemişe bolşy ýaly NATO goldaw berýän esasy ýurtlardan biri bolmaga dowam ederis” diýdi.
Prezident Erdogan, Polşanyň Prezidenti Andrež Duda bilen hem duşuşdy.
Erdogan, Duda bilen bolan duşuşygy hakyndaky habarnamasynda “Polşanyň Prezidenti Duda bilen Türköýünde duşuşdyk. Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdyk. Jenap Duda bilen bolan duşuşygymyzyň ýurtlarymyz we sebitimiz üçin düşümli bolmagyny dileýärin” diýip belledi.
Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun bilen hem duşuşdy.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, duşuşykda özara syýasy we ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde BMG-nyň gün tertibinde esasy orun eýeleýän sebitara we halkara meseleleriň seljerlendigi nygtaldy.
Prezident Erdogan, duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, “Dost we doganlyk ýurt Alžiriň Prezidenti Tebbun bilen Türköýünde duşuşyk. Alžir bilen edýän hyzmatdaşlygymyzy ähli taraplaýyn ösdürmäge dowam ederis” diýip belledi.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan paýtagt Ankarada diplomatik gepleşikler geçirdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Ankara şäherinde diplomatik gepleşikler geçirdi