Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşi dowam etdireris”
2038697

Diýarbakyrda, ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda, Diýarbakyryň Kulp etrabynda 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.
Ýerlikaýa, ATAK dikuçarlarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň goldaw bermeginde geçirlen operasiýada 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.
Ministr Ýerlikaýa, “Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşi dowam etdireris” diýdi.
Degişli Habarlar

Türkiýe, Yraga Gynanç Bildirdi
Türkiýe, Yrakda bagt öýünde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.