Hakan Fidan Nýu-Ýorkda Kärdeşleri Bilen Duşuşyklar Geçirýär
Hakan Fidan Türköýünde Germaniýanyň we Irlandiýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy.


BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Daşary işler ministri Hakan Fidan, Nýu-Ýork şäherinde, Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy.
Hakan Fidan iş saparynyň çäginde Türköýünde Germaniýanyň Daşary işler ministri Berbok bilen duşuşdy.
Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasyna görä, duşuşykda Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gümrük bileleşiginiň ýaňadandan gözden geçirilmegi we türk raýatlary üçin wiza erkinligi etabynyň başda durmagynda Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby, Kipr meselesinde başdan geçirlen soňky wakalar, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy, Şwesiýanyň NATO agzalygy we howa çalşygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministri Fidan, Nýu-Ýorkda Irlandiýanyň Daşary işler ministri Mişel Martyn bilen hem duşuşdy.
Duşuşykda özara gatnaşyklar we guraljak iki taraply saparlar bilen birlikde Gara deňiz galla geçelesi, Kipr meselesi we Türkiýe-ÝB gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Degişli Habarlar

Soňky 1 hepdede 80 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiyäniň Ýaragly güýçleri soňky 1 hepdede 80 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi