Içeri işler ministri Diýarbakyrda 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýtdy
Terrorçylaryň galýan ýerlerinde partlaýjy maddalar we ýaraglar ele salyndy

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Diýarbakyrda geçirilen operasiýada bombaly hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatyna görä Içeri işler edarasynyň baş müdürliginiň koordinasiýasynda geçirilen operasiýanyň çäginde, Diýarbakyrda tussag edilen 5 terrorçynyň, ekstremist terror guramasynyň adyndan kurýerlik edendikleri we bombaly hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklandy.
Terrorçylaryň galýan ýerlerinde partlaýjy maddalar we ýaraglar ele salyndy.
Ministr Ali Ýerlikaýa operasiýany geçiren topary gutlap: "Adamzatdan sähelçe paýy bolmadyk dönüklere hiç wagt rehim etmeris. Terror ýok bolýança çenli göreşimiz dowam eder" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar

“Ysraýylyň Ýüzlerçe Ýalanyny Paş Etdik”
Altun, “TRT World Forum 2023” açylyş dabarasynda eden çykyşynda dezinformasiýa ünsi çekdi.