Türkiýe Koreýa Respublikasyna Duýgudaşlyk Bildirdi

Türkiýe Koreýa Respublikasynda aşa ýagyş sebäpli gelen sil hem-de ýer süýşmelerinde pida bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.

2012783
Türkiýe Koreýa Respublikasyna Duýgudaşlyk Bildirdi

Daşary işler ministri Koreýa Respublikasynda gelen sil we ýer süýşmeleri hakynda beýannama berdi.

Beýannamada; “Koreýa Respublikasynda aşa ýagyş sebäpli gelen sil hem-de ýer süýşme betbagtçylyklarynyň adam we emläk ýitgileri bnilen ýaralanmalara sebäp bolmagyna gynanç bildirýäris. Pida bolanlaryň ýakynlaryna we dostlukly koreý halky bilen hökümetine içgin duýgudaşlyk bildirip, ýaralylara şypa dileýäris” diýilýär.

Koreýa Respublikasynda sil we ýer süýşmeleri sebäpli soňky bir hepdede pida bolanlaryň sany 40 adama ýetipdi.

Tebigy betbagtçylyklarda 139 sanysy öý, jemi zeper ýeten binalaryn sany 1000-den geçipdi.



Degişli Habarlar