Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy

Badahşan welaýatynda 11 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgaryldy.

1997838
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy

Türkiýe, Owganystanyň Badahşan welaýatynda 11 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Türkiýäniň Kabuldaky ilçihanasynyn Twitterden beren habarnamasynda, welaýatyň etrap merkezi Feýzabatda köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm berk ýazgaryldy.

Habarnamada, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirildi, ýaralananlara gyssagly şypa dilendi.

6-njy iýunda Bahdaşan welaýatynda, terror guramasy DAEŞ tarapyndan guralan hüjümde öldürlen Talibanyň ýolbaşçynyň penşenbe güni Feýzabatdaky metjide jynaza namazy okalýarka bombaly hüjüm guralypdy.

Jynaza guralan bombaly hüjümde 11 adam ýogalypdy, 30 adam hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne alypdy.



Degişli Habarlar