Prezident Erdogan, Şehit Mugallyma Aýbüke Ýalçyny Hatyralady

Erdogan, PKK-ly terrorçylaryň guran hüjüminde şehit bolan 22 ýaşyndaky şehit aýdym-saz mugallymy Şenaý Aýbüke Ýalçyny hatyralady.

1997833
Prezident Erdogan, Şehit Mugallyma Aýbüke Ýalçyny Hatyralady

Prezident R. T. Erdogan, Batmanyň Kozluk etrabynda 6 ýyl ozal ekstremist terror guramasy PKK-ly terrorçylaryň guran hüjüminde şehit bolan 22 ýaşyndaky şehit aýdym-saz mugallymy Şenaý Aýbüke Ýalçyny hatyralady.

Prezident Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Halkymyza hyzmat etmekden başga niýeti bolmadyk Şenaý Aýbüke Ýalçyn mugallymymyzy, hyýanatçylykly hüjümde şehit edilen gününde uly hormat bilen hatyralaýaryn. Aýbüke gyzymyzy maşgalasyndan we okuwçylaryndan aýyran terror guramasy PKK-a garşy egilliksiz göreşimiz dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar