Prezident Erdogan Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny DKTR-na we Azerbaýjana Gurar

Erdogan däp bolşy ýaly prezident saýlawyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na we Azerbaýjana gurar.

1997934
Prezident Erdogan Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny DKTR-na we Azerbaýjana Gurar

Prezident R. T. Erdogan däp bolşy ýaly prezident saýlawyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Demirgazyk Kipr Türk Respbulikasyna we Azerbaýjana gurar.

Prezident Erdogan, 28-nji maýda geçirlen prezident saýlawynda gaýtadan bu wezipä saýlanmagyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny 12-nji iýunda duşenbe güni DKTR-na gurar.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar we Premýer-ministri Ünal Üstel bilen duşuşjak Erdogan duşuşyklarynda Kipr meselesi we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşar.

Prezident Erdogan 13-nji iýunda sişenbe güni bolsa Azerbaýjana gider.

Erdogan Azerbaýjana gurajak saparynyň çäginde Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşar.



Degişli Habarlar